Betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we işe ukyplylygy bilen baglanyşykly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Şular ätiýaçlandyryş halatlary bolup durýar:
  1. betbagtçylykly hadysasy netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň alan zeperi;
  2. tötänleýin ýiti zäherli ösümliklerden zäherlenme, himiki maddalar bilen (senagat we durmuş), ýaramaz hilli azyk önümlerinden zäherlenme, dermanlardan zäherlenme, asfiksiýa (demikme), elektrik togy arkaly (atmosfera elektrigi bilen) zeper ýetmegi, ýylan, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm; azyk toksik ýokanç kesellerinden gaýry (salmonolýoz, ganly iç geçme).
  3. sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky ensefalit (ensefalomielit), poliomielit, gematogen osteomelit.
  4. şahsyň synasynyň bölekleriniň (ýatgynyň, iki ýa-da bir lüläniň, ýumurtgalyklaryň) aýrylmagyna getiren patologiki çaga dogrulmagy ýa-da ýatgydan daşardaky göwrelilik;
  5. süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjigi, çykmagy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy.
    Ýokarda sanalyp geçilen wakalar, eger olar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýüze çykan ýagdaýynda, saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty (195-nji görnüş) bilen tassyklanylsa, ätiýaçlandyryş halatlary diýlip ykrar edilýär.
  6. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýa-da şu bentde görkezilen wakanyň ýüze çykan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ýüze çykan Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagy haýsydyr bir waka sebäpli, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniniň aşa sowamagyndan we gyzmagyndan (sowuklama kesellerinden aradan çykmagy muňa girmeýär) ölmegi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
  7. Ätiýaçlandyrlylan şahs aradan çykan halatynda, Türkmenistanda hereket edýän kanuna laýyklykda, baglaşylan şertnamada bähbit görüji görkezilmedik halatynda, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleg atiýaçlandyrylan şahsyň mirasdüşeriniň paýyna düşýär.
  8. Saglygy ýitirmeklige, zähmete ukypsyzlyga ýa-da ölüme getirýäň betbagytçylykly hadysalar ätiýaçlandyrylýan halatlarynda, şu aşakdakylar degişli däldir:
    1. Ätiýaçlandyrylýan şahsyň ölüminiň netijesinde, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrýan şahsyň we beýleki şahslaryň bilkaslaýyn hereketleri;
    2. Ätiýaçlandyrylan şahsyň alkogoldan, neşeden ýa-da toksiki maddadan serhoş ýagdaýda zeper ýetmegi (ölmegi);
    3. öz-özüňi öldürmek (öz-özüňi öldürmek üçin janyna kast etmek) netijesinde bedene zeper ýetmegi (ölmegi) ýa-da zäherlenmek, üçünji taraplaryň hukuga ters hereketleri netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň şeýle ýagdaýa ýetirelen halatlary;
    4. Ätiýaçlandyrylan şahsyň öz bedenine bilgeşleýin zeper ýetirmegi.
  9. Eger waka şular netijesinde bolup geçen bolsa, ol ätiýaçlandyryş halaty bolup durmaýar:
  10. ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;
    her hili harby we terrorçylyk hereketleri, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler we olaryň getirýän zyýanly netijeleri.

© 2021 "Hazar ätiýaçlandyryş" AGPJ. Ähli hukuklary goralan.