Üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş

  1. Şu Kadalara laýyklykda, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
  2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şu aşakdakylar bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçiligi babatynda töwekgelçilik ätiýaçlandyrylyp bilner:
    -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen zyýan üçin;
    -üçünji şahslaryň emlägine ýetirilen zelel üçin;
    -üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin.

© 2021 "Hazar ätiýaçlandyryş" AGPJ. Ähli hukuklary goralan.