Hususy eýeçilik hukugy esasynda raýatlara degişli bolan ýaşaýyş jaýlaryny ätiýaçlandyryş

  1. Ätiýaçlandyrýana (Bähbit görüjä) eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyryş obýektleri bolup bilerler, olara aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler degişlidir, şol sanda ähli gurluş bölekleri, şeýle hem bezeg elementleri we enjamlar; diwarlar, aralyk diwarlar (diwara ýelmenýän bezeg kagyzlary we beýleki örtülýän, düşelýän zatlar); pollar, potoloklar, daşlyk tutulan gapylar; äpişge we gapy söýeleri we çarçuwalary, aýnalar we witražlar; gapy tutawaçlary; gapy gulplary; elektrik jaňlary; elektrik simleri we elektrik hasaplaýjylar, santehnika enjamlary; ýyladyş enjamlary we beýlekiler.
  2. Şu Kadalar boýunça aşakda görkezilen aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler ätiýaçlandyrylyp bilinmez:
    1. bellenen tertipde ýaşamak üçin ýaramly däl diýip ykrar edilen ýa-da awariýa ýagdaýyndaky jaýlar;
    2. ýaşamak üçin howply zolaklarda ýerleşen, gorp atmak, suw basmak howpy ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar howpy abanýan ýaşaýyş jaýlary, bellenen tertipde şeýle howpuň bardygy yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan (gidrometeorologiýa gulluklary we beýlekiler) tarapyndan howpuň bardygyny tassyklaýan degişli resminamalar (delilnama, netijenama we ş.m.) düzülen pursatyndan;
    3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanmak üçin kabul edilmedik jaýlar.

© 2021 "Hazar ätiýaçlandyryş" AGPJ. Ähli hukuklary goralan.